DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Okuw maslahaty guraldy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler eýwanynda welaýatymyzyň umumybilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda usuly okuw maslahatyny gurady.
Okuw maslahatynda welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, uly leýtenant Mekan Arazweliýew, şu bölümçäniň mugallymy Amandurdy Meläýew, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, uly leýtenant Serdar Arazberdiýew we beýlekiler çykyş edip, betbagtçylykly tebigy hadysalaryň ýetirmegi mümkin bolan zyýanyny azaltmak, bu babatda amala aşyrylmaly çäreler barada gürrüň berdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.