DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Mirasa sarpaly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli mirasymyzy öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barha işjeňleşdirilýär. Halkymyzyň milli medeni mirasynyň görnükli eserleriniň bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegini wagyz etmek maksady bilen, welaýatymyzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat we onuň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Dabaranyň başynda teatryň bezemen eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň sergisi bu ýere gelenlerde aýratyn uly täsir galdyrdy.
Soňra dabaraly maslahatyň başlanmagy bilen çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa we beýlekiler çykyş edip, milli mirasymyzyň älem içre belent ykrara eýe bolýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzyň birnäçe hödürnamalarynyň ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilip, milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigini nygtadylar.
Soňra bu ýerde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri esasynda sahnalaşdyran çykyşlary täsirli pursatlara beslendi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda milli mirasymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek, olaryň şan-şöhratyny arşa götermek boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.