DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ildeşimiziň halkara üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzyň galkynmagy, şol sanda ýurdumyzda paraolimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem türkmen türgenleri halkara derejeli ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belende göterýärler.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogynda ildeşlerimiz medallaryň altysyna eýe boldular. Şolaryň hatarynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Roza Matýakubowa hem öz agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa dünýäniň 32 ýurdundan 173 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiziň bu halkara üstünligi berkarar döwletimizde türgenlerimiziň sport bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesinde öz ussatlyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.