DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bäsleşik geçirildi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gözel tebigatymyzy, daşky gurşawyň sazlaşygyny, ekologiýa abadançylygyny çeper şekilleriň üsti bilen wasp etmek maksady bilen, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramagynda Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Baharda Watanymyzyň waspy» atly surat çekmek we sergi bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň maksady ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýän ýurdumyzy wasp etmekden, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini ösdürmekden we olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kemala getirmekden hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Bäsleşikde emin agzalary çekilen suratlaryň hiline, reňk sazlaşygyna, bezegine hem-de mazmunyna, çeperligine üns berip, ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlary ýüze çykardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.