DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi

Köňülleriň, ýürekleriň birleşýän şanly ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda giň gerimde dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Pyraga sarpaly ilimiz akyldaryň şanyna halkara derejede uly toý tutýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Magtymguly Pyragynyň Daşoguz şäherindäki ýadygärliginiň öňünde baýramçylyk çäresi geçirildi. «Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi» ady bilen geçirilen dabara medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Welaýatymyzyň bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabaranyň milli öwüşginini has-da artdyrdy. Hoş owazlar bilen birlikde, döredijilik işgärleriniň şanly ýylymyza bagyşlap döreden goşgulary baýramçylyk çäresine ruhy joşgun eçildi. Bu ýerde guralan kitap sergisi dabara gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Muzeý gymmatlyklarynyň täsin hatary toý döwresiniň milliligini artdyrdy.
Welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler netijeli zähmet çekmäge, akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.