DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baýramçylyga bagyşlandy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Dabarasy dolup bütin äleme, bagty buşlap, Nowruz geldi ilime» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler bagtyýar we joşgunly ýaşaýşyň baýramy bolan Nowruz baýramynyň baharyň buşlukçysy hasaplanyp, ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrýan, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan, zähmetsöýerlige ruhlandyrýan baýramdygyny bellediler. Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi, şeýle hem 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilendigi, Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýüzüne ýaýýan bu baýramyň her ýylda täze röwüşde, şatlyk-şowhunly bellenilýändigi dogrusynda nygtadylar. Nowruzda ýaňy gögeren ýaşyl bugdaýdan Äşe-Patmanyň aşy hasaplanylýan semenini ene-mamalarymyzyň üýşüp bişirip, goňşy-golama, ýakynlaryna paýlaýandygyny, munuň hem agzybirligiň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň nyşanydygyny bellediler.
Şeýle ajaýyp döwürde gadymdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, milli mirasymyza uly üns berýän we ony dünýä ýüzünde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
Dabaranyň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.