DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Aşpez gyzlar bäsleşdiler

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat häkimliginiň guramagynda «Eli tagamly çeper gyzlar» ady bilen talyp gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem baý mazmuna eýe boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, gyzlar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, tagamlara baý toý saçagyny taýýarlamak, datly milli naharlary hödürlemek we olary şahyrana sözler bilen taryp etmek boýunça bäsleşdiler. Talyp gyzlar emin agzalarynyň aýry-aýry tagamlaryň taýýarlanylyş aýratynlyklary hakynda beren soraglaryna jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji şerti eli datly gyzlary saýlap-seçmekde möhüm tapgyr boldy. Talyp gyzlar uzyndan seçelenip duran unaş kesmegiň hötdesinden ussatlyk bilen geldiler.
Üçünji tapgyrda talyp gyzlar Nowruzyň, bahar paslynyň waspyny aýdym-sazlaryň, gazallaryň, dessanlaryň üsti bilen ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşoguzyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary birinji, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary ikinji, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan talyp gyzlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.