DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ähli halk bag ekişlik dabarasy

Türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr. Adamlar bag-bakjaly, miweli baglary synlap, üstünden onlarça ýyllar geçse-de, olary kimiň ekendigini ýatlaýarlar. Baglara örän aýawly garaýarlar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy. Ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek üçin uly taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Ony üstünlikli geçirmek üçin ylmy barlaglaryň esasynda işlenip taýýarlanylan agrotehniki talaplar we ölçegler göz öňünde tutulypdyr. Bular baglary ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýerleri öz wagtynda arassalamakdan we tekizlemekden, hatarlary oýlanyşykly bölüşdirmekden we ekiljek nahallaryň sanyny takyk hasaplamakdan, ekiljek ýerleri düzgüne laýyk taýýarlamakdan, ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Nahallar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly we uýgunlaşdyrylan baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alyndy.
Ýurdumyzda tokaý ulgamyny kemala getirmegiň häzirki zaman tehnologiýalary täze ugurlara eýe bolýar. Ösüşiň ekologiýa maksatnamasy türkmen tebigatynyň ajaýyplygy bilen sazlaşyklylykda adamlaryň durmuşynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy abadanlaşdyrmaga hem-de ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmäge gönükdirilendir.

  

 Baýramowa Sona
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa
we oba hojalygyny mehanizmleşdrmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby