DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan eden «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Daşoguz şäherindäki «Maral» toý mekanynda geçen bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň 8-si gatnaşdy.
Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigi okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, milli el işlerimize sarpa goýmagy maksat edinýär.
Bäsleşikde toparlary düzýän okuwçy gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň adyny, alyp barýan işini, şygaryny şahyrana dilde wasp edip, terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen öz ukyplaryny açyp görkezdiler.
Soňra bäsleşigiň şertlerine görä, toparlary düzýän okuwçy gyzlar öz ýanlary bilen getiren gutarylmadyk milli el işlerini — eminleriň gözegçiliginde keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç çalmak, alaja, jorap örmek, örüm işlerini, haly önümlerini dokamak ýaly işleri ýerine ýetirip görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrky şertinde bolsa milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, türkmen saçagyny döwrebap bezemek bilen onda ýerleşdirilen milli tagamlaryň taýýarlanyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň, rowaýatlaryň, nakyllaryň üsti bilen beýan etdiler.
Örän gyzykly ýagdaýda geçen bu bäsleşikde özleriniň aýratyn başarjaňlygyny görkezen gyzlar toparlary öňe saýlandylar. Şeýlelikde, 1-nji orna Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň «Bagtyýar gyzlar» gyzlar gurnagy mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji orna Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 59-njy orta mekdebiň «Bägül» gyzlar gurnagy, 3-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň «Milli nagyş» gyzlar gurnagy mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.