«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — bagtymyz» atly medeni-köpçülik çäreleriniň alypbaryjylarynyň bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry guramaçylykly geçirildi.
Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik örän täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bäsleşigiň maksady dilewar, ugurtapyjy, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, hoşsözli, çylşyrymly pursatlardan baş alyp çykýan, diňleýjileriň göwnüni awlap bilýän ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de şanly senelerimize bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda üstünlikli çykyş eden ýaşlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan ýaş alypbaryjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň Hormat hatlary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.