DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwre hoşallygyň beýany

      Döwre hoşallygyň beýany
TZB-niň welaýat bölüminiň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda hepdäniň sişenbe güni «Bitaraplyk — bagtym meniň, dost-dogandyr halkym meniň» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen dabara welaýat, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk saçagynyň başynda döwre gurap oturan zenanlaryň kalbynda joş urýan şatlyk alamatlary ajaýyp pursatlara sazlaşyp, uly ruhubelentlik ýagdaýy döretdi.
Dabarada welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Mejlisiň deputaty Aýnabat Toýlyýewa dagy çykyş edip, türkmen Bitaraplygynyň bu günki gün tutuş dünýäde parahatçylygyň nuruny ýaýmakdaky tagallalary we üstünlikleri, zenanlaryň dünýä zenanlary bilen işjeň gatnaşyklarynyň pugtalanmagyndaky ähmiýeti dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň, olaryň esasynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň netijeliliginiň gazanylmagyndaky tagallalarynyň gymmaty barada tasirli söhbet edildi. Şeýle beýik işleriň bagtyýar halkymyzy, şol bir wagtyň özünde mähriban zenanlarymyzy hem ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraý-mertebesiniň mundan-da zyýat bolmagy ugrundaky beýik işlere işjeň goşulyşmaga ruhlandyrýandygy nygtalyp geçildi.
Çykyşlaryň dowamy welaýatymyzyň zenan aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde täjik, ispan, azerbaýjan, hytaý dillerinde ýaňlanan belent owazly aýdymlara utgaşdy. Joşgunly aýdymlaryň welaýatymyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde şol döwletleriň tanslary bilen sazlaşmagy has-da täsirli boldy. Parahatlyk hakdaky aýdym ýurdumyzyň belent derejesiniň waspyna öwrüldi. Bu ruhy joşgunlylyk ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýýan belent sarpasynyň hoş owazly nagmalardaky beýanyna öwrüldi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň milli hem döwrebap biçüwdäki lybaslarynyň görkezilişi boldy. Köpöwüşginli häsiýete eýe bolan ajaýyp pursatlar mähriban zenanlarymyzyň döwür bilen bitewüligini doly açyp görkezdi. Görkezme çykyşlaryna gatnaşanlara TDP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.