DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bugdaýyň idegi ýetirilýär

      Bugdaýyň idegi ýetirilýär
Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiginiň gallaçylary geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni tutmakda esasy işleriň biri bolan ekiş möwsümini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek bilen, özlerine berkidilen meýdanlarda kadaly gögeriş almagyň hötdesinden geldiler. Olar häzirki günleriň amatly şertlerinden öndümli peýdalanmaga çalşyp, ýaşajyk maýsalara ideg çärelerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Daýhan birleşiginde şu ýylyň güýzki ekiş möwsüminde jemi 1252 gektar meýdana bugdaý ekildi. Şonda bu meýdanlara gözegçilik etmekligi gallaçy kärendeçileriň 425 sanysy öz üstlerine aldylar. Olaryň köpüsi bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan, bugdaýlara ideg etmekde zerur agrotehniki çäreleriň abyny-tabyny örän oňat bilýän daýhanlar. Şeýle ökde kärendeçileriň hatarynda Güýçgeldi Berkeliýew, Reýimbergen Nuraddinow we beýlekiler bar.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.