DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gülki paýlan agşam

     Gülki paýlan agşam
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan nobatdaky «Gülki agşamy» atly şowhunly çykyşlary örän köp adamly boldy.
Hoş owazly aýdym-sazlar, gülküli gysga sahnalar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Artistleriň durmuşda gabat gelýän gülküli wakalar esasynda taýýarlan degişme sahnalary tomaşaçylara şadyýan gülki, ruhy lezzet paýlady. Bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagyny guramak babatda teatryň döredijilik toparynyň yzygiderli gözlegde bolýandygy tomaşa zalynda uly ruhubelentlik, şowhun döreden «Gülki agşamynyň» mysalynda aýdyň şöhlelendi.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.