DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Paýhas ummanynyň şamçyragy

     Paýhas ummanynyň şamçyragy
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — paýhas ummanynyň şamçyragy» atly maslahat geçirildi.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler, dana Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan, watançylygy, agzybirligi, jebisligi ündeýän şygyrlarynyň, bize miras goýup giden nusgalyk mekdebiniň häzirki wagtda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, halallygy ündemekde uly gollanma bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly döredijiligine uly sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.