Islegli önümler öndürilýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri zawodynyň işçi-hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depgininiň ýokary bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynda derwaýys bolan önümleriň ençeme görnüşini öndürýärler. Şeýle önümleriň hatarynda jaýlary basyrmakda ulanylýan plitalar, gapy we penjire çarhawuklary, binýat bloklary, köçeleriň gyralaryna oturdylýan bezeg daşlary we beýlekiler bar. Zawodda her ýylda şeýle önümleriň 27-28 müň kub metri öndürilip, degişli kärhanalara, şahsy hojalyklara ugradylýar. Işleriň häzirki depgini bu babatda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň üstünlikli berjaý ediljekdigine uly ynam döredýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.