DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baýramçylyga bagyşlanan maslahat

      Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda agrosenagat pudagynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalarynyň hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Hasyl toýy mynasybetli «Rysgal-bereketli, döwletli Watan» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, agrosenagat pudagy boýunça utgaşdyryjysy Aşyr Agamedow, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gadam Kazakow, TOHI-niň talyby Begmyrat Geldiýew, Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sähra Saparalyýewa dagy çykyş edip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösüşi, kärendeçi daýhanlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda gürrüň berdiler, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň mynasyp ornunyň bardygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşyjylar işlemäge, yhlasly zähmet çekmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşmaga döredip berýän giň şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar oba hojalyk pudagyna degişli muzeý gymmatlyklaryna syn etdiler.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.