DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

      Zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
Hasyl toýy mynasybetli Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler eýwanynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň bilelikde guramaklarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak maksady bilen, ýaş ýygymçylaryň, pagtaçy kärendeçileriň, kombaýnçylaryň arasynda yglan edilen «Ak altynym — ak bagtym» atly zähmet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa oba hojalyk pudagynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
«Daýhandan hereket — ýerden bereket» atly bu dabarada TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Magsat Otuzow, Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Aşyrmuhammet Söýünow, TOHI-niň mugallymy Döwletmyrat Geldiýew we beýlekiler çykyş edip, oba hojalyk pudagynyň zähmetsöýer daýhanlaryny, kärendeçileri ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilýän Hasyl toýy mynasybetli gutladylar, welaýatymyzyň pagtaçy, gallaçy, ýüpekçi kärendeçilerine, bagbanlaryna alyp barýan işleriniň geljekde-de ileri bolmagyny, Watan harmanynyň has-da beýgelmegini arzuw etdiler.
Soňra «Ak altynym — ak bagtym» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şeýlelikde, ýygymçylaryň arasynda yglan edilen «Ýüwrük elli ýygymçy» ugry boýunça 1-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Myrat Otuzow, 2-nji orna Akdepe etrabyndan Aýjeren Altybaýewa, 3-nji orna Şabat etrabyndan Gulşoda Zaýirowa, pagtaçy kärendeçileriň arasynda yglan edilen «Ak altynyň ussady» ugry boýunça 1-nji orna Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şeker Nagmatullaýewa, 2-nji orna Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljemal Babajanowa, 3-nji orna şol etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýazbibi Allamyradowa, «Ökde kombaýnçy» ugry boýunça 1-nji orna Köneürgenç etrabyndan Ýagşygeldi Begjanow, 2-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Serdar Söwedow, 3-nji orna Görogly etrabyndan Hoşgeldi Gylyjow dagy mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Dabarada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaňlandy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.