Yhlasly zähmet — üstünligiň açary
Welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý ekişine badalga berlen gününden bu möhüm çäräniň depginini ýokarlandyrdylar. Şeýlelikde, ähli etraplaryň çäklerinde ene topraga bereket tohumyny öz wagtynda, talabalaýyk atmak ugrunda amala aşyrylýan işler oňat netijeleri berýär. Munuň özi geljek ýylyň bol galla hasylynyň düýbüniň ykjam tutulmagyna mümkinçilik döredýär.
— Şu günlerde biziň etrabymyzyň gallaçy kärendeçileri hem hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan, giň goldawlaryndan ruhlanyp, gaýratly zähmet çekýärler — diýip, TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň başlygy Altybaý Allabaýew aýtdy: — Bu babatda «Babadaýhan» daýhan birleşiginde işleriň has-da guramaçylykly, öndürijilikli barýandygyny bellemek bolar. Şonuň netijesinde-de hojalygyň bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarynyň möçberi barha artýar.
Gürrüňi edilýän daýhan birleşigi welaýatymyzda uly gallaçylyk hojalyklarynyň biri hasap edilýär. Munuň özi bu ýerde ýylyň-ýylyna müňlerçe gektar meýdanda bugdaýyň saldamly hasylynyň kemala getirilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu baradaky agzybirlikli aladalaryň netijesinde, Watan harmanynyň beýgelmegine uly goşant goşulýar.
Daýhan birleşiginiň baş agronomy Meretdurdy Babaýewiň bellemegine görä, şu möwsümde jemi 6200 gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilipdir. Munuň üçin zerur bolan taýýarlyk çäreleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk berjaý edilmegi gazanylypdyr. Ýagny ýerleri sürmek, tekizlemek ýaly işlere geçen orak möwsüminde meýdanlar hasyldan boşan badyna girişilip, olar ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Soňra hem kadaly suw berlen ýerler öz wagtynda taba gelipdir.
— Şu mahala çenli 600 gektara golaý meýdanda bugdaý ekişini geçirdik — diýip gürrüňdeşimiz aýtdy: — Bu işde dürli görnüşli tehnikalaryň 20-den gowragynyň güýjünden peýdalanýarys. Sürüm, borona-mala basmak işleri gije-gündiz dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde-de ekiş geçirmekde gündelik gazanýan ösüşimiz barha ýokary galýar.
Bugdaý ekişinde ulanylýan şol tehnikalara tejribeli mehanizatorlar erk edýärler. Olaryň hatarynda Arazmyrat Halmedow, Yhlas Agaýew, Şadurdy Jepbarow ýaly mehanizatorlar öz kärine örän jogapkärli çemeleşip, öňlerinde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.
— Men birnäçe ýyl bäri özüme berkidilen traktor hem-de ekiji gural bilen topraga tohum taşlamaga gatnaşýaryn. Şu ýyl hem bu jogapkärli iş ynanylan mehanizatorlaryň biri boldum. Häzirki günlerde ir ertirden giç agşama çenli meýdanlarda ekiş geçirýäris. Biziň ählimiz möwsümiň ahyryna çenli gaýratly zähmet çekip, ekişiň bellenilen möhletde tamamlanylmagyna mynasyp goşandymyzy goşarys — diýip, Şadurdy Jepbarow gürrüň berdi.
Ýeri gelende kärende meýdanlaryny bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlap, bu çäräni ýokary hilli berjaý eden kärendeçi daýhanlaryň hem käbiriniň adyny tutmak zerur bolup durýar. Olardan Mämet Ýusupow, Sylapberdi Babaýew, Gurbangeldi Abdyýew we beýlekiler hemişe bolşy ýaly, şu möwsümde-de öňdebaryjylaryň hatarynda bolup, ýokary işjeňlik görkezdiler. Şeýlelikde, olaryň irki möhletlerde ekiş geçirilen meýdanlarynda eýýäm bugdaý maýsalary topragyň ýüzüne bezeg berip ugrapdyr.
Elbetde, bu daýhan birleşiginde öz başarjaňlygy, zähmetsöýerligi bilen tanalan kärendeçiler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem ençemesi bar. Olardan ussat gallaçylar Aşyrmuhammet Söýünowyň, Arazgylyç Arazgylyjowyň atlaryny agzamak bolar. Çünki olar köpçülige baş bolup, ene topraga hyzmat edip, ondan ýylyň-ýylyna ýokary hasylyň alynmagyna ýakyndan ýardam berýärler. Öz kärinde şeýle abraý gazanan adamlar häzirki günlerde-de tapawutlanýarlar.
— Halkymyzda «Ir ekseň harman bolar...» diýlen söz bar — diýip, daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Arazgylyç Arazgylyjow özara gürrüňdeşlikde nygtady: — Elbetde, bu gallaçylara-da degişli. Sebäbi wagtynda ekiş geçirilen meýdanlaryň hasylynyň has bereketli bolýandygyna öz tejribämizde köp sapar şaýat bolduk. Şu ýyl hem muny nazara alyp, bu çäräniň depginini bada-bat ýokary galdyrdyk. Bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde geçirmäge doly mümkinçiligimiz bar. Munda hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlarynyň ähmiýeti örän uly bolýar. Nesip bolsa, olardan ýerlikli peýdalanyp, bu derwaýys çäräni ähli meýdanlarymyzda ýokary hilli berjaý ederis.
Görnüşi ýaly, bu daýhan birleşiginiň gallaçylary geljek ýylyň belent harmanlarynyň berk binýadyny goýmaklyga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Munuň özi bu ugurda olara üstünlik getirer diýen ynamy döredýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.