DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gül Diýaryň saýrak bilbili

       Gül Diýaryň saýrak bilbili
Ýakynda Ahal welaýatynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalaryň 21-si gatnaşdy.
Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijesi, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, zehinli çagalaryň 7-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Zehinli deň-duşlaryndan tapawutlanyp, ýeňiji bolan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalaryň arasynda Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulbahar Hojaberdiýewa hem bar. Ogulbahar jigimizi gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolduk.
— Ogulbahar, biz sizi «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
— Gutlagyňyz üçin sag boluň! Şol gün meniň çagalyk ýyllarymdaky iň bir şatlykly günleriň biri boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji günleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji bolup, Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak men hem-de bagtyýar maşgalam üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bize her bir işde görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
— Ogulbahar, siz bäsleşikde haýsy aýdymlar bilen çykyş etdiňiz?
— Bu bäsleşige men indi bassyr üç ýyl bäri gatnaşyp gelýärin. Bäsleşigiň deslapky tapgyryna halypalarym bilen ýokary derejede taýýarlyk gördük. Bäsleşigiň welaýat hem-de döwlet tapgyrlarynda «Görogly» şadessanyndan «Daglar» atly türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdim. Bu aýdymyň maňa üstünlik getirjekdigine ynanýardym. Eminler topary aýdymy ýerine ýetirişime ýokary baha berdiler.
— Jigim, siz näçe ýaşyňyzdan bäri aýdym aýtmak bilen gyzyklanyp gelýäňiz?
— Aýdymçy bolmak meniň çagalyk arzuwym. Heniz mekdebe gitmezimden ozal teleýaýlymlarda görkezilýän çagalaryň aýdym-sazly gepleşiklerine uly höwes bilen tomaşa edip, özüm hem şolar ýaly aýdym aýtmagy arzuw ederdim. Mekdep gapysyndan gadam basan günlerimden medeni-köpçülik çärelere yzygiderli gatnaşyp, üçünji synpdan başlap aýdym aýtmak bilen içgin gyzyklanyp başladym. Aýdym-saz mugallymym Dünýägözel Gutlyýewadan aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrendim. Soňra Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnap, bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrowdan hem türkmen halk aýdymlarynyň birnäçesini öwrenip, öz başardygymdan ýerine ýetirdim.
Häzirki wagta çenli estrada, halk aýdymlarynam başardygymdan ýerine ýetirip, mekdebimiziň, etrabymyzyň çäginde geçirilýän dabaralarda çykyş edip gelýärin. Ýöne, esasan, halk aýdymlaryny aýtmaga ýykgyn edýärin.
— Maşgalaňyzda sizden başga-da aýdym aýdýan barmy?
— Hawa, jigim Hudaýberdi hem aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Biz onuň bilen bile Dünýägözel mugallymdan tälim alýarys. Men diňe bir aýdym aýtmak bilen çäklenmän, dutar hem çalýaryn. Halypam Sabyr Sabyrow dutar çalmagyň hem inçe tilsimlerini öwretdi.

— Ogulbahar, bäsleşik başlamazdan ozal, gürrüňdeş bolanymyzda mugallymlaryňyz siziň sport bilen hem içgin gyzyklanýandygyňyzy aýtdylar.
— Hawa, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda biz — çagalara dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdeplerde döwrebap bilim almagymyz, döredijilik, aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmagymyz, şol sanda sport bilen meşgullanyp, öz başarnyklarymyzy görkezmegimiz üçin ähli şertler döredilip berlen. Edil aýdym-sazy gowy görşüm ýaly, sportuň woleýbol görnüşi bilen hem gyzyklanýaryn.
— Ogulbahar jigim, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Biz size eşretli hem-de bagtyýar döwrümizi wasp edýän ussat aýdymçylaryň biri bolmagyňyzy arzuw edýäris.
— Biz — çagalara okamaga, döredijilik bilen meşgullanyp, uly sahnalarda çykyş etmäge döredip berýän ähli şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň adyndan tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy bilen bagtyýar halkymyzy, bize döwletli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.