DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Guşçulyk

      Ýedi hazynanyň biri
Belli bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guşçulyk toplumlarynyň, kärhanalarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berlip, işler maksadalaýyk ýola goýuldy. Häzirki döwürde olarda towuklaryň, beýleki guşlaryň köp görnüşleri idedilip, uly möçberlerde et, ýumurtga öndürilýär. Muny haýsy bazara ýa-da dükana barsaň-da, olarda öndürilen şeýle önümleriň bolçulygyndan bilip bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň golaýyndaky ýa-da Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň, Lebap welaýatynyň çäklerindäki guşçulyk toplumlarynda öndürilen guş önümleriniň hyrydarlary az däl.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň welaýatymyzda hem guşçulygy has netijeli pudaga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Şonda bu babatda döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýän telekeçileriň aýratyn işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda olaryň garamagynda ençeme guşçulyk kärhanalary hereket edip, halkymyz üçin zerur bolan önümler öndürilýär. Şeýle guşçulyk kärhanalary Şabat, Boldumsaz, Akdepe etraplarynda we beýleki ýerlerde has-da netijeli işleri alyp barýarlar. Olara ýatak jaýlaryny gurmak, iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin ýer bölekleriniň berkidilmegi, maliýe taýdan goldawlaryň, ýagny ýeňillikli döwlet karzlarynyň berilmegi uly ähmiýete eýe boldy.
Guşçulyk ata-babalarymyzdan miras galan kärleriň biridir. Halkymyzda onuň ýedi hazynanyň biri hasap edilýändigi hem hemmelere mälim. Gadym döwürlerde-de öýlerde towuk, ördek saklanylyp, olaryň eti, ýumurtgasy iýmit hökmünde ulanylypdyr, hatda olaryň ençeme sökelliklere em bolýandygy-da anyklanylypdyr. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň çäklerinde bu ýörelgeler barha rowaçlandyrylýar. Şonda bu ugurda dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan, netijeli usullaryndan peýdalanylýandygyny hem bellemek gerek. Sebäbi olar guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmakda uly ýardam berýär.
Elbetde, bu üstünlikler hormatly Prezidentimiziň guşçulygy ösdürmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda berjaý edilýän işleriň anyk netijesidir. Bu aýdylany şeýle bir delil bilen aýdyňlaşdyrmak mümkin. Mälim bolşy ýaly, mundan sanlyja ýyl öň hem bazarlardaky towuk ýumurtgalarynyň esasy bölegi daşary ýurtlardan getirilýärdi. Häzirki wagtda bolsa olaryň tas bary diýen ýaly öz ýurdumyzdaky guşçulyk toplumlarynda öndürilen. Olaryň söwdasyna syn etseň, hyrydarlaryň, köplenç, ýumurtganyň özümizde öndürilenini alýandyklaryny ýa-da soraýandyklaryny görýärsiň. Megerem, bu olaryň ýokary hili, täzeligi hem-de nyrhynyň elýeterliligi bilen bagly bolsa gerek.
Biziň halkymyzda towuk, ördek, hindi guşy öý guşlary hasap edilýär hem-de belläp geçişimiz ýaly, ir döwürlerden bäri saklanylyp, köpeldilip, peýdalanylyp gelinýär. Şonuň bilen birlikde-de, olar bilen baglanyşykly ýörgünli sözler, däpler köp gabat gelýär. Meselem, «Jüýjäni güýz sanaşarys» diýen jümle häli-şindi ulanylýar. Ýa-da myhmana iň uly hezzet towukly palaw hasap edilýär. Umuman, ilde-günde, töwerekde guşlaryň köplügi ýagşylygyň, bolçulygyň, aklygyň-päkligiň alamaty. Şoňa görä-de, güneşli ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň çäklerinde, hususy kärhanada ýa-da öýünde towuk köpeltmek bilen meşgullanýan adamlar haýyr-sahawatly iş edýärler diýsek dogry bolar.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.