DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Yhlasyňyz myrat tapsyn, edermen gallaçylar!

        Yhlasyňyz myrat tapsyn, edermen gallaçylar!
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý ekişine badalga berildi
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 31-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine 6-njy sentýabrda başlamaga ak pata berdi. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz halkymyzda däp bolup gelşi ýaly, bu çäräni başlap bermegi hormatly ýaşululardan haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan ruhy galkynan welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary möhüm möwsüme badalga berilmegi mynasybetli guralan çärelere agzybirlikde gatnaşdylar.
Ene ýere tohum taşlanmagynyň öň ýanynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda ylmy-önümçilik maslahaty guraldy. Ony welaýat häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow açyp, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli bu ýere ýygnananlaryň ählisini gutlady hem-de ýurdumyzda gallaçy daýhanlara döredilýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.
Maslahatda şu möwsümde bugdaý ekişiniň talabalaýyk geçirilmegi üçin bellenilýän çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ondan mälim bolşy ýaly, şu möwsümde welaýatymyz boýunça jemi 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmeklik nazarda tutulyp, bu gaýragoýulmasyz çäräniň ýokary depginde alnyp barylmagyna hem-de bellenilen möhletde tamamlanylmagyna doly mümkinçilik bar. Ekiş döwründe dürli kysymly traktorlaryň güýjünden peýdalanylar. Olaryň ählisi bir hatar gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Tehnikalara ýangyç hem-de tehniki hyzmatlaryň iş üstünde amala aşyrylmagy üçin zerur çäreler görüldi. Şeýle-de meýdanlara ekiljek bugdaý tohumlarynyň ýokary hasylly görnüşleri saýlanylyp alyndy.
Maslahatda çykyş edenler bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli gutlag sözlerini beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli çäreler Görogly galla önümleri kärhanasynda, Türkmen oba hojalyk institutynda hem guraldy. Olara gatnaşyjylar tohum taýýarlanylyşy, oba hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde bilim berlişi, talyplar üçin döredilýän şertler bilen tanyşdylar.
Şeýle dabaraly çäreleriň yzy Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda dowam etdi. Bu giň ekin meýdanynyň töwereginde belent baýdaklar, bezemen sahna, onuň iki ýanynda gurlan ak öýler, ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk, senagat, dokma önümleriniň, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň sergileri, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly traktorlaryň hatarlary ajaýyp baýramçylyk ruhuny döredýär. Belent sahnanyň öňündäki meýdançada ýaňlanýan aýdym-sazlaryň owazynda bolsa Garaşsyz Diýarymyzyň, eziz halkymyzyň, parahat durmuşymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň waspy ýaňlanýar.
Dabaranyň garaşylýan pursatlary ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiziň beren ak patasy bilen şu gün ene topraga tohum taşlamaga girişýän daýhanlarymyzyň işleriniň oňuna, sepen her bir dänesiniň müň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň has-da rowaç almagy barada edilen dileglerden soňra, il sylagly ýaşulularyň uly topary ilkinji däneleri mele ýere «Bismilla» bilen sepip ugraýarlar. Ondan soňra meýdanyň bir gyrasynda taýýar duran, yzyna bugdaý ekiji gurallar tirkelen traktorlar herekete başlaýarlar. Olar kemsiz taba gelip, sürümi, tekizlemesi ýeten topragyň ýüzünde özboluşly yz galdyryp, öňe tarap hereketlenýärler.
Şeýlelikde, bu toý-dabara beslenen çäre hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp ösüşlere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ene topraga atylan bugdaý tohumlarynyň geljek ýyl belent harmanlary döretjekdiginiň güwäsidir.
Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.