Joşgunly kalplaryň buýsançly beýany
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny hem-de döwlet durmuşynyň taryhy wakalaryny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Daşoguz şäher häkimliginiň, TSTP-niň welaýat, TDP-niň hem-de TAP-nyň şäher komitetleriniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýüniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata işjeň partiýa agzalary, öňdebaryjy ýaşlar, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TSTP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Bekmyrat Piriýew, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, TAP-nyň şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa, Mejlisiň deputatlary — şäheriň 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Enejan Amanýazowa, şäheriň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Arazmyrat Hangeldiýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Bazargül Ballyýewa dagy çykyş etdiler.
Çykyşlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, berkararlygymyzy pugtalandyrýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet syýasatynyň ugurlary babatdaky işleriň rowaçlyklara beslenendigi, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly netijeleriň gazanylandygy barada täsirli söhbet edildi. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň buýsandyryjy hakykatyna bu günki gün anyk göz ýetirip bolýandygy, ýaňy-ýakynda bolsa Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bu guramanyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlaryna uly mümkinçilikleriň açylandygyny doly açyp görkezýändigi uly buýsanç bilen bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky aladalarynyň bagtyýar ýaşlaryň bilimini, zehinini, başarnygyny giňden açyp görkezmeklerine we dünýä jemgyýetçiliginde geljegi uly tutumlara işjeň gatnaşmaklaryna doly mümkinçilikleri berýändigi barada nygtalyp geçildi.
Toýly günleriň buýsanjyny artdyran taryhy waka — Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden täze şygrynyň tutuş halkymyz, şol sanda ýaşlar üçin hem uly ruhy gymmatlyk hem-de toý sowgady bolandygy uly buýsanç bilen bellendi. Halkymyzyň Milli Lideriniň täze eseriniň şahyryň ägirtligine, baý döredijilik mirasyna uly sarpanyň, çäksiz hormatyň beýany bolup durýandygy barada aýdylyp, şygyrdan setirler okaldy we onuň manysy, ähmiýeti wagyz edildi.
Dabaranyň dowamynda şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.