DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Joşgunly köňülleriň festiwaly

      Joşgunly köňülleriň festiwaly
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň «Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany» atly festiwaly ýakymly, ýatdagalyjy pursatlara beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Daşoguz şäherindäki bagşylar muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen festiwalyň çäklerinde guralan maslahatdyr medeni çäreler many-mazmuna baýlygy, şatlyk-şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Onda welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, festiwalyň açylyşy bilen hemmeleri mähirli gutlady. Şeýle hem ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň pajarlap ösýändigini, döwrebap kämilleşýändigini, türkmeniň milli dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň hem bu milli senedimize goýulýan uly sarpadan nyşandygyny uly buýsanç bilen nygtady. Soňra welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, şahyr Göwher Ahmedowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramow, Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Soltanbagt Rejepowa dagy çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda dessan aýtmak sungatynyň has-da rowaçlanýandygyny, şeýle hem bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýüzüne ýaň salýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň atlaryna ata-babalarymyzdan miras galan medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde we ony ýaş nesle ýetirmekde bitirýän tutumly işleri üçin köňüllerden joşup çykýan alkyş sözleri beýan edildi.
Muzeýde guralan milli gymmatlyklarymyzyň sergisi hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de bagşy-sazandalarynyň Aşyk Aýdyň piriň aramgähine eden zyýaratlary iň täsirli pursatlaryň biri boldy. Bu keremli toprakda dessançy bagşylaryň joşgunly çykyşlary ajaýyp döwrümiziň waspy bolup ýaňlandy.
Daşoguz şäheriniň görküne-görk goşup oturan Magtymguly atamyzyň heýkeliniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan medeni çäre festiwalyň jemlenmesine öwrüldi. Onda çykyş edenler halkymyzyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek we ony geljek nesle ýetirmek, döwrebaplaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri, bimöçber aladalary üçin tükeniksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň dessançy bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren göwün göteriji aýdym-sazlary bilen utgaşdy.

 

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.