Ynsan saglygy ugrunda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yhlasly we öňdengörüjilikli zähmeti netijesinde, ýurdumyz beýik sepgitlere ýetýär we dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkidip, uly üstünlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Daşoguz şäherinde açylyp ulanmaga berlen 450 orunlyk köpugurly hassahana halkymyza ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny etmekde, raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda döwletimizde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Hassahana 7 sany blokdan we 4 gatly binalar toplumyndan ybarat bolup, 450 orunlyk ýokary derejeli we köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir.
Daşary ýurtlarda öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen doly üpjün edilen hassahanada 30 bölüm hereket edýär. Şöhle bilen anyklaýyş bölüminiň müdiri Gülruh Abdyýewanyň beýan etmegine görä, bu bölümde lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanan döwrebap, tomograf, angiograf, rentgen we flýuroskopiýa, mobil rentgen enjamlary ornaşdyrylandyr. Iň häzirki zaman «Ingenia Ambition 1,5T» MRT enjamynyň ýurdumyzda ilkinji gezek welaýatymyzyň köpugurly hassahanasynda ornaşdyrylmagy has guwandyryjydyr. Sanly rentgen we flýuroskopiýa ulgamy distansion dolandyryjysy bilen enjamlaşdyrylyp, beden agzalarynda we dokumalarynda şöhle bilen anyklaýyş usullary arkaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän anyklaýyş çäreleriniň geçirilmeginde uly mümkinçilikleri döredýär. Bu enjam uly agyrlykdaky näsaglara hem hyzmat edip bilýär, geçiriljek anyklaýyş çärelerinde näsaga stoluny ähli taraplara süýşürmäge mümkinçilik berýär. Stolda ýatan näsagy hiç hereket etdirmän, başdan-aýak enjamyň direktorynyň ýerini üýtgetmek arkaly rentgene düşürip bolýar. Uzakdan dolandyrmak mümkinçiligi bolsa lukmanyň rentgen şöhleleriniň zyýanly täsirinden goralmagyna mümkinçilik berýär. Bu enjam özünde hem flýurografiýa hem-de flýuroskopiýa funksiýasyny jemleýändigi sebäpli, beden agzalarynyň ählisinde anyklaýyş işlerini geçirip, köp sanly näsaglara hyzmat edip bilýär. Zerur bolanda inwaziw usulda beden agzalaryndan biopsiýa almak, öt halta ýollaryna kontrast serişdäni goýberip, ERCP geçirmеk, beden agzalaryna we merkezi gan damarlaryna kateter oturtmak, elektrokardiostimulýatorlary dakmak ýaly birnäçe amallary ýerine ýetirmek bolýar. Hassahananyň lukmanlary hünärlerini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen ösen döwletlerde we ýurdumyzyň döwrebap saglyk merkezlerinde dürli ugurlar boýunça hünär kämilleşdiriş tejribesini geçýärler. Döwrebap şertlerde zähmet çekýän lukmanlaryň döwrümize buýsançlary, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramakda giň möçberli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.