DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bol hasyla berk ynam

      Bol hasyla berk ynam
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Ruhubelent etrabynyň çäklerinde hem «ak altynyň» bol hasylyny kemala getirmek ugrunda derwaýys çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini etrabyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň çekýän agzybirlikli zähmetleriniň mysalynda-da görmek mümkin. Belli bolşy ýaly, bu hojalygyň daýhanlary şu ýylyň baharynda kärende meýdanlaryna gowaça ekmek bilen, onuň talabalaýyk gögerişini gazandylar. Şeýlelikde, olar ideg çärelerini hem ýokary derejede alyp baryp, gowaçalaryň kadaly ösüşini üpjün etmegiň hötdesinden geldiler. Şonuň netijesinde, häzirki wagtda ekin meýdanlaryndaky gowaçalaryň ýetişen körekleri, gül-gunçalara beslenen bitgin düýpleri ýakyn günlerdäki bol hasyla güwä geçýär.
Daýhan birleşiginde öz işine ökde kärendeçileriň, olara ýardam berýän mehanizatorlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Serdar Nepesowyň, Zübeýda Pilliýewanyň, Döwlet Annadurdyýewiň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar.
— Şu ýyl men özümiň 10 gektardan ybarat kärende meýdanymda gowaça ekişini, onuň bejergi çärelerini öz wagtynda berjaý etdim. Bu bolsa atyzlarymyzdaky gowaçalarymyzyň birkemsiz ýüke durmagyna ýardam berdi. Nesip bolsa, şu ýyl her gektardan 30 — 35 sentner hasyl ýygnap, döwlet harmanyna goşaryn diýen tamam bar — diýip, daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Hojaguly Derýaýew gürrüň berdi.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.