DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Amaly tälim bäsleşigi geçirildi

    Amaly tälim bäsleşigi geçirildi
Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň döredilmeginiň 160 ýyllygy mynasybetli, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport desgasynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak boýunça amaly tälim bäsleşigi geçirildi.
Wagyz-nesihat häsiýetli çäräniň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň, suwda halas etmegiň deslapky düzgünleri amaly sapaklaryň üsti bilen düşündirildi. Degişli hünärmenler ýangyn howpy ýüze çykan halatynda ondan goranmagyň düzgünleri, şol pursatda özüňi alyp barmagyň we hereket ediş kadalary dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.
Ýangyn söndüriji enjamlar bilen ýüz metr aralyga ylgamak, emeli döredilen ýangyny söndürmek boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşik mekdep okuwçylarynyň ýangyn we onuň söndürilişi baradaky düşünjeleriniň artmagyna ýardam berdi.
Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijilerine we amaly tälim sapaklaryna işjeň gatnaşanlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.