DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Wagyz-nesihat duşuşygy

     Wagyz-nesihat duşuşygy
Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlygyň çäklerinde «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçen maslahaty TDP-niň Daşoguz şäher komiteti şäher häkimligi bilen bilelikde gurady. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Selbi Saparnazarowa, welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany Jennet Garaýewa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, il sylagly ýaşuly Kakyş Gulmyradow dagy çykyş edip, sagdynlygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda jemgyýetiň abadan ýaşaýşyny, ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn ösüşini gazanmak babatda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ynsan saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek, jemgyýetiň sagdyn durmuşyny üpjün etmek, ýaşlaryň temmäki önümleriniň zyýanly täsirinden goralmagyny gazanmak babatdaky asylly maksatly işler barada aýdyldy, dowam edýän biraýlygyň bu ugurda bähbitli çäredigi nygtalyp geçildi. Temmäki önümlerini gadagan etmäge degişli çözgütleriň gymmaty dogrusynda bellenilip geçildi hem-de şeýle asylly işleriň başynda duran hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.