DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Agyz suwunyň bolçulygy ugrunda

     Agyz suwunyň bolçulygy ugrunda
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek häzirki döwürde öňde goýulýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň göwnejaý ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Köneürgençagyzsuw» müdirliginiň işçi-hünärmenleri hem bu ugurda netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar şonda 15 sany dik guýynyň, onlarça kilometr suw geçirijileriniň güýjünden peýdalanmak bilen, gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metre golaý suwuň etrap merkezine hem-de obalaryň ençemesine bökdençsiz ýetirilmegini gazanýarlar. Şonuň ýaly-da, bu işde awtoulaglaryň 10-a golaýy ulanylýar. Arassa agyz suwunyň öz wagtynda bellenilen ýerlere ýetirilmeginde kärhanada zähmet çekýän adamlaryň ählisiniň uly goşant goşýandyklaryny bellemek bolar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.