DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baýramçylyk dabarasy

     Baýramçylyk dabarasy
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde aýdym-sazly dabara geçirdi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara döredijilik, medeniýet işgärleri, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabarany TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew açdy we taryhy döwrümiziň şöhratly ýylynda Ýeňiş gününiň giňden bellenilmeginiň aýratyn gymmaty barada söz sözledi. Soňra «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Gözel Seýidowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Oguljan Atajykowa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa dagy çykyşlary dowam edip, merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygynyň mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebi bolup durýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda uruş weteranlary, urşa gidenleriň yzynda galan eneler, tyl zähmetiniň adamlary baradaky edilýän uly aladalar barada buýsanç bilen aýtdylar.
Dabaranyň dowamynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň bagtyýar durmuşymyzy, dost-doganlygy, Watan gahrymanlaryny, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän nagmalary belentden ýaňlandy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.