DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Zähmeti goramak — möhüm wezipe

     Zähmeti goramak — möhüm wezipe
Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň bilelikde guramagynda «Zähmeti goramak — howpsuz önümçiligiň kepili» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly biraýlygyň çäklerinde geçen bu maslahata zähmeti goramak boýunça jogapkär adamlar, zawodyň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilişiniň gözegçilikde saklanylýandygy, işgärler üçin howpsuz iş şertleriniň üpjün edilýändigi we arassaçylyk, tertip-düzgün boýunça düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilýändigi barada täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar raýatlarymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, önümçilik we hyzmat ediş desgalarynda howpsuz iş şertlerini döretmek, raýatlaryň maddy we ruhy taýdan zyýan çekmeginiň öňüni almak baradaky aladalaryň oňyn netijeleri berýändigini belläp geçdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.