DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bol hasylyň binýady

     Bol hasylyň binýady
Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge hem-de dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini ýokarlandyrmaga welaýatymyzda uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen Akdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pileçilik möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. Şu ýyl etrap boýunça 110 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulyp, bu ugurda ýüpekçi kärendeçileriň 2895-si yhlasly zähmet çekýär. Etrabyň ähli daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, bu jogapkärli işi «Hakykat» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileri hem göwnejaý ýerine ýetirýärler. Bu ýerde jemi 152 sany ýüpekçi bolup, olar üstümizdäki ýylyň zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmak üçin 6,1 tonna ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinýärler.
Daýhan birleşiginiň bu ugurda indi birnäçe ýyllardan bäri tejribe toplan, başarjaň pileçileriniň biri-de Mamajan Mollabaýewadyr. Ol her ýyl ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen, Watan harmanyna ak piläniň bereketli hasylyny goşup gelýär. Ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmekde köplere görelde bolýan janypkeş pileçiniň bellemegine görä, olary tut ýapraklary bilen wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda, arassa saklamak zerur bolup durýar. Şol talaplaryň berjaý edilmegi üçin onuň bilen birlikde maşgala agzalary, ýagny ýanýoldaşy Murza aga, ogly Yhlas, gelni Muhabbat, agtygy Azzera ýakyndan ýardam berýärler. Olaryň agzybirlikde çekýän yhlasly zähmetini synlanyňda, şu möwsümiň ahyrynda ýokary hilli piläniň bol hasylynyň döwlet harmanyna goşuljakdygyna ynamyň artýar.
Daýhan birleşiginde ýüpek gurçuklaryny idetmekde yhlasly zähmet çekýän öňdebaryjy ýüpekçileriň hatarynda Dilmurad Atajanow, Jabbergen Mädreýimow, Bagtyýar Babaýew, Rano Bazarbaýewa dagyny görkezmek bolar. Olaryň her biri bu ugurda birnäçe ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän tejribeli ýüpekçiler bolup, ýüpek gurçuklaryny idetmek işlerini talabalaýyk alyp barýarlar. Bu bolsa şu ýyl bellenilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.