DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Edermenligiň mizemez mekdebi

     Edermenligiň mizemez mekdebi
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy, 98 ýaşy arka atan uruş weterany Köşek Soltanmyradow Watan üçin, bagtyýar durmuş üçin şirin janyny orta goýup, faşizme garşy söweşen ildeşlerimiziň biri. Meýletin arzasy bilen 1943-nji ýylda 18 ýaşly ýigit söweş meýdanyna ugraýar. Aňtaw rotasynda gulluk edip, köp sanly şäherleri duşmandan azat etmäge mynasyp goşant goşýar. Köşek aga 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda ýeňiş gazanylandan soň, birnäçe ýyllaryň dowamynda obadyr şäherleriň dikeldiş işlerine gatnaşmak bilen, ýokary işjeňlik görkezýär.
Beýik Ýeňiş bilen ata Watanyna dolanan merdana esger hukuk goraýjy edaralaryň düzüminde uzak ýyllar zähmet çekip, belent abraý-hormata mynasyp bolýar. Häzirki wagtda ajaýyp döwre gözli şaýat bolup, asyr ýaşy tegeläp gelýän merdana gojanyň gözlerinde buýsanç hem watançylyk söýgüsi nur saçýar. Bäş ogul, üç gyzdan 15 agtyk, 24 çowluk gören gojanyň gol doly maşgalasy bar. Köşek aga şeýle taryhy döwrüň belent ösüşlerine guwanýar, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hemişe alkyş aýdýar.
Etrabyň Çowdur geňeşliginiň ýaşaýjysy Ýezek Urazow hem bu günki gün ýaş nesle messep we mekdep bolup ýaşap ýören merdana gerçekleriň biri. Ýezek aga 1943-nji ýylda urşa gidip, atyjylyk rotasynda gulluk edýär we köp sanly söweşlere gatnaşyp, gaýduwsyzlyk görkezýär. Ýeňiş bilen dolanyp gelen Ýezek Urazow etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynda uzak ýyllar işläp, zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýär.
Ol 2 gyzyndan 8 agtyk, 13 çowluk görmek bagtynyň miýesser edendigi üçin beýik Biribara hemişe alkyş okaýar.
99 ýaşly Ýezek aga bu günki gün diňe bir öz neberelerine däl, eýsem, ähli ildeşlerimize nusgalyk görelde bolýar. Onuň watansöýüjilik, dost-doganlyk, gaýduwsyzlyk, mukaddes topragymyzy gözüň göreji deýin goramak, bir-birege hormat-sarpa goýmak, halal zähmeti söýmek baradaky öwüt-ündewleri ýaşlara nusgalyk ýörelge bolup durýar.
Ýezek aga Allanyň şeýle ömür peşgeşi üçin hemişe hoşallykly ýaşaýar, merdana gerçekleriň edermenligine uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.