DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ekinleriň ygtybarly goragynda

     Ekinleriň ygtybarly goragynda
Ekinlere zyýan berýän mör-möjeklere garşy çäreleriň wagtly-wagtynda geçirilmegi babatda Boldumsaz etrabynyň biokärhanalarynyň işgärleri altyngözlüjäniň 6150 müň, gabrobrakonyň 41 million sanysyny, trihogrammanyň 20 kilogramdan gowragyny öndürmegi hem-de ekin meýdanlaryna goýbermegi meýilleşdirip, degişli çäreleri durmuşa geçirýärler. Etrap boýunça 21 sany biokärhana hereket edip, olaryň güýji bilen her günde agzalan peýdaly möjekleriň esli möçberleriniň öndürilmegi we bugdaý, gowaça meýdanlaryna çykarylmagy gazanylýar. Etrap «Dökünhimiýa» hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna degişli 14, daýhan birleşikleriniň hasabyndaky 6 we 1 sany hususy biokärhanalarda işler gije-gündizleýin alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, bu möhüm çäräniň göwnejaý geçirilmegine saldamly goşant goşulýar.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.