DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwletiň bähbidi — halkyň bähbidi

     Döwletiň bähbidi — halkyň bähbidi
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda öňde goýan wezipelerini, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren gymmatly maslahatlaryny durmuşa geçirmek, olary ilat arasynda giňden düşündirmek maksady bilen, şu gün welaýat häkimliginde, Boldumsaz, Akdepe etraplaryndaky medeniýet merkezlerinde «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletlilik taglymaty we wekilçilikli edaralar ulgamynyň milli nusgasy» atly maslahatlar geçirildi. Maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Welaýat häkimliginde geçirilen maslahatda çykyş edenler döwlet berkararlygynyň mizemez binýadynyň halk bähbitli döwletli tutumlar bilen üstünlikli rowaçlanýandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir» diýen parasatly sözleriniň döwlet bilen halkyň arasyndaky bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigi nygtaldy.
Maslahatda çykyş edenler ýerli öz-özüňi dolandyryş we häkimiýet edaralarynyň işini döwrebap usulda ýola goýmak babatda Gahryman Arkadagymyzyň beren gymmatly maslahatlary barada jikme-jik durup geçdiler. Ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerinden gözbaş alýan bu beýik işler häzirki taryhy döwürde aýratyn many-mazmuna eýedir.
Şeýle hem maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli amala aşyrmakda, olary ilat arasynda giňden wagyz etmekde netijeli işleri alyp barjakdyklaryny bellediler. Maslahatyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar, abadan hem-de asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri joşgunly beýan edildi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.