DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Kombaýnlar abatlanylýar

     Kombaýnlar abatlanylýar
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda 17500 gektar ýere ekilen güýzlük bugdaý kadaly boý alyp, bol hasyla ynam döredýär. Kärendeçi daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen galla hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, etrapda bugdaý oragy möwsümini gysga wagtda guramaçylykly geçirmeklige taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda galla kombaýnlaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Kärhananyň kebşirleýji, bejeriji ussalary tarapyndan bugdaý oragyna gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulan 47 sany kombaýna zerur bolan tehniki hyzmatlar edilýär. Kombaýnlary abatlamak işinde görelde görkezýän tejribeli ussalardan Myrat Taganow, Magsat Ýomutbaýew, Ýagşygeldi Begjanow, Toýly Mäşenow dagyny agzamak bolar. Möwsümde kombaýnlaryň saz işledilmegi etrap boýunça meýilnamada bellenilen 31700 tonna galla hasylyny möhletinde döwlete tabşyrmaga mümkinçilik berer.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.