Bereketli hasyl ugrunda
Halkymyzy özümizde öndürilen gök önümler bilen üpjün etmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Boldumsaz etrabynyň kärendeçi ýer eýeleri hem giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda öňdebaryjy «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň ekerançylarynyň bitirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu hojalygyň ekerançy kärendeçileri 45 gektar ýerde ýeralma ekişini geçirip, häzirki wagtda onuň ideg işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Birtekiz gögeren ýeralmanyň düýbüni ýumşatmak, ilkinji ösüş suwuny tutmak, hapa-haşal otlardan arassalamak ýaly işler göwnejaý berjaý edilýär. Ezber kärendeçiler Ýaňyl Nowruzowa 1 gektar, Aýdogdy Togtaýew 3 gektar, Güller Satlykowa 1 gektar ýerde ýeralmanyň idegini kemsiz ýetirip, göreldeli zähmet çekýärler. Munuň özi bereketli hasylyň ýetişdirilmegine uly şert döredýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.