DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýokary hilli şaly tohumy

     Ýokary hilli şaly tohumy
Daşoguz welaýatynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçylary şaly ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk iş tejribä eýedir. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu gymmatly ekini ekip, onuň bereketli hasylyny öndürmekligi maksat edinýärler. Munuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda şalynyň tohumyny taýýarlamak işleri maksadalaýyk alnyp barylýar. Kärhanada hasyllylygy, azyklyk ýokumlylygy we toprak-howa şertlerimize durnuklylygy babatda şalyçy daýhanlarymyzyň köpýyllyk synagyndan geçen şalynyň «Müňbaş», «Nöküs-2», «Elenga» «Bereket» görnüşleriniň tohumy taýýarlanylýar. Kärhananyň tohum arassalaýan bölüminiň işçi-hünärmenleri bu ýyl hem irgözinden tohum taýýarlamak bilen meşgullanyp başladylar. Olar şu ýylky ekiş möwsümi üçin 1 müň 900 tonnadan gowrak arassa şaly tohumyny taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bölümde tohumlyk şaly däne arassalaýjy enjamyň kömegi bilen arassalanýar, işler gije-gündiziň dowamynda 3 çalşykda alnyp barylýar hem-de taýýarlanylýan tohum her gün hil barlagyndan geçirilýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.