DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Oraza baýramyna


     Milli däpleriň mynasyp dowamy
Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýene-de bir şanly senesini — Oraza baýramyny garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen giňden bellenilýän bu baýram tutuş türkmen halkynyň dünýäniň ençeme beýleki halklary ýaly, asyrlar aşyp, nesilden-nesle geçip gelýän ruhy-ahlak tämizligini, ynsanperwerlik hem hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biridir.
Oraza aýy dost-doganlygy, päkligi, ynsanperwerligi, sahawatlylygy hemişe ýörelge edinen ata-babalarymyzdan şu günki güne gelip ýeten mukaddes däp-dessurlaryň rowaçlanýan, beden hem ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hasaplanypdyr. Bu mübärek aýda halkymyz tarapyndan agyz beklenip, tagat-ybadatlar amal edildi, agzaçar sadakalary berildi, haýyr-sogaplar gazanyldy. Tutuş aýyň dowamynda ýurdumyzyň ýeneki ösüşleri, belent sepgitlere ýetmegi, jemgyýetimizde abadançylygyň has-da pugtalanmagy, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrýan tutumlaryň rowaçlanmagy üçin ýagşy dilegler edildi. Haka sygynmagyň we kämilligiň baýramy hökmünde ykrar edilýän Oraza baýramynyň ajaýyp pursatlary ýagşy dilegleriň kabul bolup, maksatlaryň myrat tapýandygyny aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýörelgeleri, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda jemlenen haýyr-sahawat işlerini, döwletli tutumlary durmuşa geçirmek babatda uly işleri alyp barýar. Muňa mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçip, bendilikden boşatmak baradaky sahawatly çözgüdi aýdyň mysaldyr. Arkadagly Serdarymyzyň bu rehimdarlyk çäresi pederlerimiziň ruhy ýörelgeleriniň, ynsanperwer işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle hem keremli aýda milletimiziň sahawat-sogabyny artdyrýar.
Oraza aýynda döwletimiziň durmuşy hem taryhy wakalara baý boldy. Bir-biriniň üstüni ýetirýän tutumlaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirilip, baý many-mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň guralmagy ýurdumyzyň bu günki gün ykdysady kuwwatynyň ýeten derejesiniň subutnamasyna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişiň we beýleki sport çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan ýurdumyzyň rowaçlyklarynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bulardan başga-da, döwlet durmuşyna degişli, halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýan beýik tutumlaryň amala aşyrylmagy tutuş dünýä sahawat nuruny eçilýän türkmen halkynyň baky bagtyýarlygynyň mizemez menzillere ýar bolýandygyny alamatlandyrdy.
Haýyr-sahawatly hem sogaply işleri günübirin durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň töweregine berk jebisleşip, bu günki gün mähriban halkymyz mukaddes Oraza baýramyny döwlet derejesinde giňden belleýär. Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän bu mukaddes baýramyň şanyna tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem çuňňur many-mazmunly, döredijilik ruhuna ýugrulan, gyzykly çäreler geçirilýär, metjitlerde baýram namazlary okalyp, türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýeneki tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi, ýurdumyzyň abadançylygy, jemgyýetimiziň asudalygy üçin alkyş-dilegler edilýär.
Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, halklaryň arasyndaky raýdaşlygy we jebisligi rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ildeşlerimizi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Oraza baýramyňyz gutly, baýram namazlaryňyz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.