DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baglar — zeminiň görki

     Baglar — zeminiň görki
Häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak ugrundaky aladalara uly üns berilýär. «Zeminiň görki — bag» diýen halk pähimine öwrülen dürdäne sözlerden çen tutsaň, munuň şeýledigine göz ýetirmek mümkin. Magtymguly atamyz: «Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa» diýip arzuw eden bolsa, şahyr Gara Seýitliýew: «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen gyzyla gaplaýmaly hakykaty biziň günlerimize miras galdyrypdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bag ekmek eziz Diýarymyzda däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl welaýatymyz boýunça agaç nahallarynyň 300 müň düýbüni, şol sanda 200 müň düýbüni ýaz paslynda, 100 müň düýbüni bolsa güýz aýlarynda ekmek bellenildi.
Bu asylly işler eziz Diýarymyzda yzygider häsiýete eýe bolýar. Çünki bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, ol gözellige teşne halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň biri hökmünde ebedilige eýedir.
Belläp geçmeli zatlaryň biri-de, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna hem-de Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, welaýatymyzyň çäklerinde dürli görnüşli tokaý agaçlary, çägeli we toýunly düzlüklerde ojar, çerkez, gandym ýaly şorlaşan topraklara çydamly çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri, ekilen ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden hem-de dürli ösümlik kesellerinden goramak bilen bagly çäreler alnyp barylýar.
Welaýatymyzyň tokaý hojalygynda, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda maksatnamalaýyn işler giň gerimde dowam etdirilýär. Bu ýerlerde sazak, çaly, sözen, borjak, igde ýaly çöl ösümlikleriniň müňlerçe düýbüniň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň köp bölegini Bötendagyň etegindäki ýerlere ekilendigi, düýp tutan bu çöl ösümlikleriniň ýaşyl zolaga öwrülendigi hem-de ekologiýa abadançylygyna oňyn täsirini ýetirýändigi bellärliklidir. Geljekki baglar üçin toprak-howa şertlerine ýaramly nahallary ýetişdirmek döwlet nahalhanalarynda, ýyladyşhanalarda hem giň gerimde amala aşyrylýar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.