DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Okuw maslahaty

     Okuw maslahaty
Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde «Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan goranyş we raýat goranyşy boýunça taýýarlyk okuwlarynyň Maksatnamasy» boýunça welaýat umumybilim berýän, orta hünär we hünär-tehniki bilim edaralarynda, bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralarda okuwlary alyp barýan mugallymlar we hünärmenler bilen «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk sapaklaryny gurap geçirmekde toplanan tejribeleri paýlaşmak» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda guralan çykyşlarda tebigy betbagtçylyk we ýer titremesi, olar ýüze çykan halatynda hereket etmegiň düzgünleri, dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň kadalary, tebigy betbagtçylyklaryň görnüşleri barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle-de ýurdumyzda Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň alyp barýan işleri dogrusynda hem gürrüň edildi. Gatnaşyjylaryň adatdan daşary ýagdaýlar barada köptaraplaýyn düşünje almagynda okuw maslahatynyň ähmiýeti örän uly boldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.