DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Azyk bolçulygyna goşant

     Azyk bolçulygyna goşant
Şu ýyl welaýatda gök-bakja ekinlerinden bereketli hasyl almak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda Akdepe etrabynyň gök ekerançylary, bakjaçylary hem özleriniň yhlasly zähmetini gaýgyrmaýarlar. Şu ýylda etrap boýunça jemi 3440 gektar meýdanda ýeralma, 700 gektarda sogan, 210 gektarda sarymsak ýetişdirmek meýilleşdirilen. Etrabyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Destan Isgenderowyň aýtmagyna görä, daýhan birleşigi boýunça 172 gektara güýzlük sogan, 42 gektara sarymsak ekilip, häzirki wagtda olaryň ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, 150 gektar meýdana ýeralma ekmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu iş guramaçylykly alnyp barylýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.