DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Asyra ulaşan ömür

     Hak sylagy uzak ýaşdyr
Boldumsaz etrabynyň Türkmenistan geňeşliginde ýaşaýan Meret Sabyrow 103 ýaşy arka atan, daşyndan synlanyňda sähranyň özi ýaly giň göwünli, pähim-parasatly, salyhatly dana ýaşuly. Onuň iki oglundan we üç gyzyndan 29 agtygy, 70 çowlugy bar.
Gürrüňimizi Meret aganyň lukman ogly Täzebaý aga bilen dowam etdik:
— Sähranyň giňligi, howasynyň arassalygy ýaly, dädemiň hem ter-tämiz, arassa, giň kalby bar. Dädem jomart kişi. Ol çagalaryna dogruçyl, dürs bolmagy, ýalan sözlemezligi, kişiniň hakyny iýmezligi, köp kitap okamagy ündärdi. Lukmançylyk institutyna girýänçäm, meniň hem çagalygym, ýetginjekligim sähraýy ýerde geçdi. Dädem döwrümiziň ösüş-özgerişlerine diýseň buýsanyp ýaşaýar. Kähalatlar öz ýanymyza alyp gaýtmakçy bolanymyzda, ol: «Men bu sähraýy giňişlige öwrenişipdirin, bu ýerleriň tenekar howasy kalbyma teselli berýär. Siziň daşyňyzdan guwanyp ýaşamagymyň özi ömrümi uzaldýar» diýip, neberelerine diýseň buýsanýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.