DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary dowam edýär

          Saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary dowam edýär
Ýurdumyzda şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly dowam edýär. Daşoguz welaýatynda bu möhüm ähmiýetli syýasy çärä taýýarlygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 27 sany saýlaw okrugy döredilip, häzirki wagtda saýlaw uçastoklarynda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ähli ýerlerde saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärler — Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Serdar Arazowyň hem-de Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Merdan Tuwakowyň Daşoguz şäher häkimliginde hem-de Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, olaryň hünär we guramaçylyk başarnyklary, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdylar.
Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler özleriniň maksatnamalary bilen giňişleýin çykyş etdiler. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdiler we maksatnamalary boýunça pikir alyşdylar.
Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.