DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Zenanlara belent sarpa

          Zenanlara belent sarpa
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaralary Daşoguz welaýat häkimliginde geçirilen baýramçylyk çäresi bilen utgaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli enelerimize, ähli gelin-gyzlarymyza iberen Gutlagynda: «Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir» diýip belleýşi ýaly, mährem enelerimiziň, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň sarpasynyň jemgyýetimizde uly orna eýedigini nygtadylar.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy.
          ***
Halkara zenanlar güni mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dürli ulgamlarda yhlasly zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlara toý sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. «Arkadagly Serdary alkyşlaýar eneler!» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler mährem enelerimizi, bagtyýar zenanlarymyzy berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, eziz Diýarymyzda zenanlaryň bagtyýar hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Soňra bu ýerde welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Ellerinde baharyň ter bägülleri hem-de baýramçylyk sowgatlary bolan ýaşlar zalda oturan mährem enelerimize, bagtyýar zenanlarymyza toý sowgatlaryny gowşurdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. Ene mukaddesligini, zenan mähribanlygyny, nowjuwan baharyň hem-de bagtyýar ýaşlygyň waspyny edýän joşgunly aýdymlar dabara gatnaşanlaryň göwnüni galkyndyrdy.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.