DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýurt garşy alsyn

          Eneleriň şatlygy—dünýäniň abatlygy
Ak mermerli binalary bilen täze keşbe eýe bolan Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köp çagaly bagtyýar maşgalalara döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyşy ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Şanly waka mynasybetli guralan dabarada, ilki bilen, welaýatyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlarymyzyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady we täze ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalary şanly waka bilen gutlady. Soňra bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda ynsan hakyndaky aladanyň ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýandygyny bellediler.
Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýeleri Ogulgerek Amanowa bilen Gülbahar Babanyýazowa döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döwrebap ýaşaýyş jaýyny sowgat alan bagtyýar maşgala agzalary halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Ajaýyp pursatlara baý bolan dabaranyň dowamy medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan milli el işlerimiziň sergisi, bagtyýar zenanlarymyzyň toý döwresini ýadyňa salýan, milli tagamlary taýýarlap duran pursatlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlarynda döredilen amatlyklar bilen tanyşdylar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.