DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gülden görkli zenanlar

          Gülden görkli zenanlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gül-gunçalara beslenip bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda, şol sanda Daşoguz welaýatynda hem Halkara zenanlar güni uly şatlyk, egsilmez joşgun, ruhubelentlik ýagdaýynda bellenildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde bagtyýar zenanlaryň baýramçylyk konserti ýokary derejede geçirildi. Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem mährem käbelerimizi, zeminiň görki saýylýan gyz-gelinlerimizi, ajaýyp söýgini, zenan mertebesini wasp edýän çykyşlar, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň edebi-sazly kompozisiýasy, Akdepe etrap çagalar sungat mekdebiniň aýdym-sazly, tansly çykyşlary, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýewiň aýdymynyň astynda «Dostluk çemeni» tans toparynyň ýerine ýetiren owadan tanslary, welaýatyň birleşen «Çuwal» ansamblynyň estrada aýdym-sazlar konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabarada gülden näzik gyz-gelinlerimize, mährem enelerimize bahar bägüllerinden gül çemenleri gowşuryldy.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.