DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Eýjejikler bäsleşdiler

 

 

          Eýjejikler bäsleşdiler
«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry Şabat etrabynyň Altynýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde geçirilip, oňa gatnaşan gyzjagazlar dürli ugurlar boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan körpeje gyzjagazlar öz aýdym-sazly, şowhunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, döwletli döwrana ýeten ata Watanymyzyň goýnundaky bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Gyzjagazlaryň milli egin-eşiklerini taryplap okan goşgy setirlerinde ýaş nesliň ene-mamalarymyzdan gelýän milliligimize, däp-dessurlarymyza bolan buýsanjy aýdyň şöhlelendi. Olar asyrlaryň dowamynda sünnälenip, sungat derejesine ýetirilen el işlerini ýerine ýetirmekde hem özara bäsleşdiler.
Bäsleşikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Merjen Baýnazarowa birinji, Köneürgenç etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Täçmyradowa ikinji orna mynasyp bolup, ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.