DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Yhlas bilen zehin utgaşanda

          Yhlas bilen zehin utgaşanda
Aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny ele alýan ýaş sazandalaryň biri-de Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurana Sabirowadyr. Ol ýakynda ýurdumyzyň iň zehinli çagalaryna gowşurylýan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldy.
Aýdym-saz sungatyna imrinen Nurana halypa mugallymlarynyň kömegi bilen barha kämilleşýär. Ol Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebine gatnap, fleýtada saz çalmagy kämil ele aldy. Häzirki wagtda sazanda gyzjagaz fleýtada dünýäniň nusgawy mukamlaryny hem ýerine ýetirýär. Zehinli sazanda ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralarynda hem yzygiderli çykyş edýär. Nurana Sabirowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň yglan eden «Belentde ýaňlansyn joşgunly owaz» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda fleýta çalmak ugry boýunça 2-nji orna mynasyp bolýar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.