DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baglar – zeminiň görki

          Baglar – zeminiň görki
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde öz işine ökde, tejribeli bagbanlaryň ençemesi zähmet çekip, her ýyl dürli görnüşli miweleriň bereketli hasylyny kemala getirýärler. Şolaryň biri-de indi köp ýyllardan bäri bu babatda uly üstünliklere eýe bolup gelýän Baýram Goçmyradow bolmaly.
Ol 1996-njy ýylda häzirki şu bag meýdanlarynyň ýerini kärendesine alýar. Häzirki wagtda bu ýerde jemi 4 gektar meýdanda uly bag ösýär.
Häzir bu bagda biziň topragymyzda nähili agaç bitip, miwe berýän bolsa, olaryň hemmesi-de bar. Aýdaly alma bilen erikden başlap üzümleriň her dürli görnüşlerine çenli ... Hatda biziň topragymyzda bitmeýän miweli görnüşlerde hem bar. Ýagny hoz, pisse, limon we başgalar. Bir wagtlar mende şu agaçlary ekip görmek, başa barsa olardan hasyl almak islegi döredi. Soň onuň ugruna çykyp, şol agaçlaryň tohumyny, nahalyny tapyp, getirip ekildi. Elbetde, bu agaçlara düýp aldyrmak, olary ösdürmek beýlekilerden hem kyn düşdi. Häzir bolsa olar biziň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşyp, oňat hasyl berýärler.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.