DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Yhlasly zähmetiň miwesi

     Yhlasly zähmetiň miwesi
Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde tikilýän dürli görnüşli, ýokary hilli önümler halkymyzyň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Geçen ýylda kärhana boýunça 19694892 manatlyk iş edilip, bellenilen meýilnama 181,1 göterim ýerine ýetirildi.
Kärhanada tikilýän dürli görnüşli önümleriň matalary ýurdumyzda ýetişdirilýän pagta hasylynyň önümi bolup, özüniň ýokary hilliligi, arassalygy bilen tapawutlanýar. Öndürilýän önümleriň 100-den gowrak görnüşi bolup, häzirki wagtda olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite tikilen eşiklerden ybaratdyr. Şeýle-de tikin fabriginde bölek satuw üçin, uly ýaşdaky adamlara hem-de çagalara niýetlenen dürli görnüşli eşikler, ýörite işçi geýimleri, pamykly ýorgan, düşek, ýassyk önümleri hem-de olaryň daşlyklary, saglygy goraýyş işgärleri üçin halatlar we başgaplar, sport egin-eşikleri tikilýär. Tikin fabriginde ilata hödürlenýän önümler milliligi, biçüw aýratynlyklary, döwrebaplygy bilen has tapawutlanýar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.